“Titanik” filminiň finalynda baş gahryman Rozany halas eden gapy ABŞ-da geçiriljek Heritage Auctions auksionyna çykarylar. Auksion 20 – 24-nji martda geçiriler, lotuň başlangyç bahasy 40 müň dollar diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Auksionyň saýtynda bu gapynyň 1912-nji ýylda “Titanik” gark bolandan soň saklanyp galan iň meşhur bölekleriň esasynda ýerine ýetirilen rekwizitdigi bellenilýär. Ol Täze Şotlandiýanyň Galifaks şäherindäki Deňiz muzeýinde saklanýan Lýudowik XV-iň stilindäki bezeg panelini ýada salýar. Gapydan başga-da, Rozanyň filmiň ahyrky sahnalarynda geýen şifon köýnegi auksiona çykarylar. Gapynyň uzynlygy, takmynan, 2,44 metre we ini 1,04 metre barabar. Ýatlap geçsek, filmiň ahyrynda gapy böleginde Roza (Keýt Winslet) halas bolýar, emma Jek (Di Kaprio) bolsa söýgülisi üçin özüni pida edip, sowuk suwda doňýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir