Audi awtoulag öndürijisi flagman A8 modeliniň ömrüni uzaltmak we ony täze elektrikli awtoulag bilen çalyşmazlyk kararyna geldi. Bu barada Germaniýanyň «Auto Motor und Sport» žurnaly bu markanyň wekiline salgylanyp habar berýär. Audi kompaniýasynyň 2024-nji ýylda A8 modelini elektrikli sedan bilen çalyşmagyna garaşylýardy, ýöne kompaniýanyň meýilnamalary üýtgedi. Täze flagmany çykarmazlyk kararyna benzin bilen işleýän modeliň Hytaýyň bazarynda ýokary satuw görkezýändigi täsir etdi. Şunuň bilen baglylykda, Audi taslamany uzaltmak we A8-iň ýene bir täzelenen nusgasyny taýýarlamak isleýär. Munuň özi täze flagmanyň 2027-nji ýyldan öň peýda bolmajakdygyny aňladýar. A8 modeli 2017-nji ýylda çykdy we 2021-nji ýylda täzelendi. Awtoulag Hytaý bazarynda örän üstünlikli, ýöne Ýewropada Mercedes-Benz S-Class-dan iki ýarym esse ýaramaz satylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir