Ýapon awtoulag öndürijisi Honda ulanyja wirtual dünýälere fiziki taýdan aralaşmaga mümkinçilik berýän Honda Uni-One atly elektrik hereketlendirijili wirtual hakykat oturgyjyny hödürledi. oturgyç ulanyjynyň bedeniniň hereketine gözegçilik edýän we hereket ugruny kesgitleýän datçikler hem-de özbaşdak deňagramlygy saklamak tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, enjam oturgyjy 70 sm ýokary galdyrmak funksiýasyna eýedir. Honda Uni-One ozal işlenip düzülen Honda Uni-Cub modeline esaslanýar. Onuň agramy 69 kg, ýük göterijiligi 109 kg çenli, iň ýokary tizligi sagatda 5,9 km we geçýän aralygy 8 km. Şeýle enjam wirtual giňişlikde has peýdaly bolar, sebäbi oýunçy VR-da hereket edýärkä, hakyky durmuşda ol bir ýerde durýar. Honda Uni-One VR giňişliginde awtoulaglar ulanylanda ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýryp biler. Honda Uni-One enjamynyň aýratynlyklary we bahasy barada anyk maglumatlar 8-16-njy mart aralygynda geçiriljek SXSW maslahatynda mälim ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir