Amazon kompaniýasynyň Project Kuiper taslamasy ABŞ-nyň çäginde ýüzlerçe antenna prototipini synagdan geçirmek üçin rugsatnama aldy. Munuň özi ýurtda hemra interneti ulgamyndaky bäsdeşligi güýçlendirer. Bu Ilon Maskyň Starlink ulgamyna bäsdeşlik etmek maksady bilen döredilen hyzmat üçin möhüm ädimdir. ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasy (FCC) Amazonyň 1000-e çenli antenna prototipini işletmek baradaky haýyşyny makullady. Şeýle-de bolsa, synag işleri tapgyrlaýyn esasda geçiriler. Aprel aýyndan başlap, alty aýyň dowamynda, şol bir wagtyň özünde 200-den köp bolmadyk antenna işlär. Bu synaglar köpçülikleýin önümçilik başlamazdan öň antennalaryň işleýşini barlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi Amazonyň taslamany durmuşa geçirmegiň soňky tapgyryna ýakynlaşýandygyny görkezýär. Bahalar entek aýan edilmese-de, Amazon ozal üç görnüşli antenna döretmek meýilnamasyny mälim edipdi. Iň güýçli, korpotatiw derejeli antennalar 1 Gbit/s tizligi üpjün edip biler. Adaty antenna 400 Mbit/s tizligi üpjün edýär we onuň bahasy 400 dollardan geçmeýär. 100 Mbit/s tizlikli ykjam nusgasy bolsa ýolda barýan ulanyjylar üçin döredildi. Project Kuiper 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji müşderiler üçin beta nusgada işe girizilip bilner.