McLaren britan kompaniýasy P1 superkarynyň oruntutaryny çykarar. Bu barada gazeta.ru motor1.com portalyna salgylanyp habar berýär. Täze giperkaryň P18 kod adyny alandygy bellenilýär. Awtoulag benzin hereketlendirijisini we elektrik motoryny öz içine alýan gibrid ulgam bilen üpjün ediler. Onuň umumy kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolar. Modeliň gurluşynyň käbir bölekleri 3D görnüşinde çap ediler. Awtoulag Formula 1 awtoulaglaryndan alnan işjeň arka spoýleri we beýleki aerodinamiki aýratynlyklary alar. Awtoulagyň ýene bir aýratynlygy «çarlagyň ganatlary» diýlip atlandyrylýan we üçek bölekleri bilen birlikde ýokarlygyna galdyrylyp açylýan gapylarynyň bolmagydyr. McLaren P1-iň önümçiligi 2024-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaly.