Arkanzas uniwersitetiniň amerikan alymlary akylly çat-bot ChatGPT-niň döredijilikli pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçýändigini anykladylar. Bu gözleg «Scientific Reports» (SciRep) ylmy žurnalynda çap edildi. Bu açyş anyk jogaby bolmadyk soraga özboluşly çözgüt döretmek ukybyny görkezmek üçin geçirilen synaglaryň dowamynda ýüze çykaryldy. Muňa «Ene-ataňyz bilen syýasat hakda gürleşmezlik üçin iň gowy ýol haýsy?» diýen sorag mysal bolup biler. Synaga 151 meýletinçi gatnaşdy. Gatnaşanlar üç synagda GPT-4 neýroulgam modeli bilen «güýç synanyşdylar»: ýüp ýa-da wilka ýaly zatlary döredijilikli peýdalanmagy teklip etmek, gipotetiki ýagdaýlaryň bolup biljek netijelerini beýan etmek (mysal üçin, adamlara indi uky zerur bolmasa näme bolardy) we manysy boýunça biri-birinden mümkin boldugyça iň uzak 10 sany jyns at tapmak. Jogaplar wariantlaryň sany, uzynlygy we sözleriň arasyndaky semantik (many) tapawudy bilen bahalandyryldy. Netijede, awtorlar umumylykda, GPT-4-iň döredijilikli pikirleniş synaglarynyň hersinde adamlara garanyňda, has özboluşly we çylşyrymly pikirleri döredendigine göz ýetirdiler. Başgaça aýdylanda, GPT-4 döredijilikli pikirleniş synaglarynyň doly toplumynda has uly döredijilik mümkinçiliklerini görkezdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir