NASA-nyň hemra suratlary ABŞ-nyň Nýu-Ýork, Baltimor we Çarlston ýaly gündogar kenarýaka şäherleriniň ýerleşen ýeriniň howsala salýan tizlik bilen suwuň astyna çöküp barýandygyny görkezýär. PNAS Nexus žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine görä, 2007-2020-nji ýyllar aralygynda bu şäherleriň astyndaky ýer ýylda ortaça 1-2 mm çöküpdir. Delawer, Merilend, Günorta Karolina we Jorjiýa ştatlarynyň käbir etraplarynda çöküşiň depgini iki ýa-da üç esse artdy. Merkezi deňiz derejesinden bary-ýogy 3 metr beýiklikde ýerleşýän Çarlstonyň ýeriniň çöküşi hemmesiniňkidenem çalt. Şäher ýylda 4 mm töweregi çökýär. NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň gözlegçileri ABŞ-nyň Gündogar kenarýakasynda gury ýeriň hereketini görkezýän kartany döretdiler. Goýy gök reňk bilen bellenen ýerler iň çalt depginde çökýär. Ýeriň çökmegi şor suwuň ekerançylyk ýerlerine, ekinlere we süýji suwuň ätiýaçlyklaryna aralaşmagyna, şeýle hem ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine täsir etmegine getirip biler. Bu ýagdaý, esasanam, deňiz derejesi ýokarlanan halatynda, infrastruktura we daşky gurşawa howp salýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir