«OnePlus» iki çip we iki operasion ulgamy bolan «Watch 2» gibrid akylly sagady tanyşdyrdy. «Dual Motor» tehnologiýasy iki çipi we operasion ulgamyny birleşdirýär: «Wear OS» esasly kuwwatly «Snapdragon W5» we «RTOS» bilen üpjün edilen energiýa tygşytlaýan «BES2700». Şeýle hem sagadyň işleýşine 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogapkärdir. «Dual Motor» tehnologiýasynyň kömegi bilen sagadyň iki iş tertibi bar: intellektual we energiýa tygşytlaýjy. Intellektual iş tertibinde «Google» ykjam goşundylary, şol sanda «Maps», «Assistant» we «Wallet» elýeterlidir, şeýle hem adaty ýagdaýda ulanylanda 100 sagada çenli we işjeň ulanylanda 48 sagada çenli işläp bilýär. Energiýa tygşytlaýyş tertibinde akylly sagat 12 güne çenli işläp bilýär. Mundan başga-da, bu formatda uka, ýürek urgusyna, sport meýilnamalaryny yzarlamak, şeýle hem jaň etmek mümkinçiligi bar. «OnePlus Watch 2» 466x466 piksel durulykda we 2,5D sapfir aýnasy bilen goralýan 60 Hz tizlikli tegelek 1,43 dýuým AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekranyň iň ýokary ýagtylygy 1000 nit diýlip bellenilýär. Sagadyň gandaky kislorodyň derejesine we strese gözegçilik etmek, şeýle hem sport çäreleriniň 100-den gowrak görnüşini yzarlamak funksiýalarynyň bardygy aýdylýar. «OnePlus Watch 2» 5 ATM we «MIL-STD-810H» standartlaryna laýyklykda gorag mümkinçiliklerine eýedir. Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda GPS, Wi-Fi, Bluetooth, kompas, akselerometr, giroskop, barometr we ýagtylyk datçigi bardyr. «OnePlus Watch 2» «Radiant Steel» we «Black Steel» atly iki reňkde elýeterlidir we 4-nji martda 300 dollara satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir