«J.D. Power» agentligi eýeleriniň kanagatlandyrýan iň gowy elektrik awtoulaglarynyň sanawyny hödürledi. Netijeler guramanyň web sahypasynda çap edildi. Gözlegiň çäginde awtoulaglar baha kategoriýasyna bölündi. Çap edilen netijelere görä, «BMW-niň» elektrik awtoulaglary köpçülikleýin we premium toparlarda öňde barýar. Şeýlelikde, «BMW i4» gymmat awtoulaglaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda dgişlilikde, «Rivian» modelleri eýeleýär: «R1T» pikapy we «R1S» krossoweri. Şeýle hem ilkinji 5-lige «Tesla Model 3» we «Model Y» girýär. «Mini Cooper» elektrik awtoulagy köpçülikleýin toparda öňdebaryjy boldy. Ondan soň «Ford Mustang Mach-E» we «Ionqi 6» gelýär. «Nissan Airya» we «Chevrolet Bolt» iň gowy bäşligi tamamlaýar. «J.D. Power» ýaňy-ýakynda elektrik awtoulaglaryna geçen adamlaryň 39%-iniň köpçülikleýin zarýad beriş stansiýalarynda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli gibrid ýa-da içinden ýanýan hereketlendirijili awtoulaga geçmek isleýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, eýýäm ikinji ýa-da üçünji elektrik awtoulagyny sürýän sürüjiler batareýa bilen işleýän ulaglardan ýüz öwürmek islemeýärler (19%).