Azerbaýjan Hazar deňziniň suwuny süýjedip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Respublikanyň döwlet suw baýlyklary agentliginiň başlygy Zaur Mikailow aýtdy. Ol «Ýurduň suw hojalygy: meseleler we täze kynçylyklar» atly maslahatda: «Degişli teklipler eýýäm 10 daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan öňe sürüldi» diýip, belläp geçdi. Mikailow hünärmenleriň tehniki suwy bakteriýalardan arassalap biljekdigini aýtdy. Agentligiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, ony senagatda we bezeg maksatly abadanlaşdyryş işlerinde ulanyp bolýar. Taslama oba hojalygy pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi daşky gurşawa we tebigy baýlyklara jogapkär degişli gözegçilik edaralary tarapyndan gözden geçirilýär. Ondan öň Mikailow Azerbaýjany suw serişdeleri gaty çäkli ýurt diýip atlandyrdy. Suw ýetmezçiligi howanyň global derejede üýtgemegi sebäpli ýüze çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir