Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we “akylly”, kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek maksady bilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Merkez şeýle hem ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmegi maksat edinýär. “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işlär. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Merkeziň bellenen tertipde döredilmegini hem-de şu merkeziň Tertipnamasynyň taýýarlanylmagyny we bellenen tertipde tassyklanylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir