Adamlar ilkinji gezek Dowzahy beýan eden adamyň – Dante Aligýeriniň "ýüzüni gördüler". Alymlar ýazyjynyň kelleçanak süňküni ulanyp, onuň ýüz keşbini dikeltdiler. Dante «Ylahy komediýa» poemasy bilen Günbatar edebiýatynyň nyşanyna öwrüldi, bu eserde Jennete, günälerden saplanylýan ýere (araf) we Dowzaha syýahat barada gürrüň berilýär. Baý mirasynyň bardygyna garamazdan, Danteniň iň meşhur portretleri awtoryň ölüminden köp wagt geçenden soň döredildi. Şu wagta çenli onuň ýüz keşbi syrlydy. Şeýle-de bolsa, indi alymlar ony dikeltdiler we ýazyjynyň adaty keşbiniň näme üçin beýle üstünlikli bolmandygyny düşündirdiler. Ilki bilen, üns bermeli zat – bu Danteniň daşky görnüşi ýazyjy Bokkaçio tarapyndan düzülen terjimehalyndaky maglumatlar esasynda döredildi. Şondan onuň süýri ýüzüniň, egri burnunyň we uly gözleriniň bardygy belli boldy. Şeýle-de bolsa, Bokkaçio sypatlandyrýan adamsyny tanamaýardy, ol eseri üçin şahyra ýakyn adamlardan ýa-da onuň bilen ýaşaýan adamlardan maglumat toplady. Danteniň keşbini dikelden hünärmenler iki nusga döretdiler. Birinjisinde alymlar obýektiw çemeleşdiler we onuň ýüzüni çal reňkde, saçsyz, gözleri ýumup duran şekilde döretdiler. Ikinji şekilde şahyryň iň meşhur suratlaryna laýyklykda saç, deriniň reňki, göz we geýim ýaly subýektiw elementler bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir