Amerikanyň Sikorsky kompaniýasy özboluşly gibrid uçaryň taslamasyny hödürledi. Onda gonmak we ýokary göterilmek üçin uçaryň ganatlary aýlanýar diýip, NewAtlas habar berýär. Görkezme uçarynyň agramy 4 tonna bolar we 1,2 MWt turbinaly gibrid elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Uçuş aralygy 926 km bolar. Aýlanýan ganatlar Sikorskiniň täze dizaýnynyň esasy aýratynlygydyr. Işläp düzüjiler bu dizaýnyň, hereketlendirijiniň adaty aýlanýan perlerine garanda, ygtybarlylygy has gowy üpjün etjekdigine ynanýarlar. Täze uçar Sikorskiniň gibrid VTOL (HEX / VTOL) maşgalasynyň bir bölegi bolar, bu adaty dikuçary we kwadrokopteri hem öz içine alýar. Üç enjamyň üçüsini hem mehaniki we awtomatiki usulda-da dolandyryp bolýar. Sikorski täze ösüşlerine Lockheed Martin kompaniýasynyň uçarlara uçarmansyz gözegçilik etmegi üpjün edýän MATRIX programmasynyň dowamy hökmünde garaýar. Aýlanýan ganatlar - bu adaty däl dizaýn, ýöne adaty çözgütlerden has ygtybarly we täsirli bolup biler. Sikorski täze VTOL taslamalarynda bu tehnologiýa bil baglaýar. Işläp düzüjileriň pikiriçe, doly aýlanýan ganat ýöne aýlanýan hereketlendirijilerden ygtybarlylygy has gowy üpjün eder. Bu çaklama däl. Hereketlendirijisi aýlanýan perli Bell Boeing V-22 Osprey konwertoplanynyň ýokary heläkçilik derejesi şeýle shemalara seresaplylyk bilen garamaga we täze, has ygtybarly çözgütleri gözlemäge mejbur edýär.