Adobe kompaniýasy Bruklinde geçirilen Hot Pod Summit-de Project Music GenAI Control platformasyny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp, saz döredip bilýän gural. Ulanyjylar isleýän žanryny, äheňini, tempini we beýleki görkezijileri kesgitläp berse, emeli aň olara özboluşly saz döredip berer diýip, TechCrunch ýazýar. Işläp taýýarlaýyş entek irki tapgyrda we heniz ulanyjy interfeýsi ýok. Platformany döretmek işine Kaliforniýa uniwersitetiniň (UC) we Karnegi-Mellonyň (UMC) gözlegçileri gatnaşdy. Adobe-de ses we wideo boýunça emeli aň gözlegleriniň ýolbaşçysy Gautam Maýsoryň sözlerine görä, täze gural wirtual orkestriň dirižýory hökmünde çykyş edip, aýdym-saz taýýarlygy bolmadyk adamlara-da saz döretmäge mümkinçilik berer. Platforma sazy takyk düzmekde gurallar bilen üpjün eder: temp, intensiwlik, patternleriň gaýtalanmagy we gurluşy. Bu synanyşmak, tükeniksiz saz böleklerini we remikslerini döredip görmek üçin mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de bolsa, emeliaňy sazda ulanmak awtorlyk hukugy we eserleriň hakykylygy bilen baglanyşykly etiki meseleleri döredýär. Adobe ygtyýarly maglumatlary ulanmak we emeli aň tarapyndan döredilen sazy kesgitlemek üçin "suw belligi" tehnologiýasyny ösdürmek arkaly kanunylykdan ugur alyp işlemäge çalyşýar. Kompaniýa Project Music GenAI Control – saz döredijiliginiň geljegine ädilen ädimdigini, bu ýerde emeli aňyň adamlaryň ornuny tutmaýar-da, olara pikirlerini durmuşa geçirmäge kömek edýändigini nygtaýar.