S&P Global Ratings kompaniýasynyň analitikleri suwuň global ýarym geçirijiler pudagy üçin täze gorky faktoryna öwrülip biljekdigini duýdurýarlar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Taýwan gurakçylygy başdan geçirdi we bar bolan süýji suw ätiýaçlyklary TSMC-niň çip öndüriji kärhanalarynyň işini üpjün etmäge gönükdirildi, bu bolsa oba hojalygyna ýaramaz täsir etdi. Hünärmenleriň pikiriçe, ýarym geçirijiler pudagynyň ösüş depgini çip çykarmak üçin suwuň ýetmeýän ýagdaýyna getirip biler we bu bolsa bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolar. Täze kärhanalaryň gurluşygy we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ep-esli maýa goýumlary talap edýär, suw çeşmeleriniň çäkliligi bolsa öndürijileriň bahalary ýokarlandyrmagyň hasabyna çykdajylary yzyna almagyna getirip biler. Önümçilikde suwuň sarp edilişi barha artýar. Ol enjamlary sowatmak we kremniý plastinalaryny ýuwmak üçin ulanylýar. TSMC gowy arassalanan süýji suwy ulanýar we tehnologiýa prosesi näçe kynlaşdygyça, şonça-da köp suw gerek bolýar. 2015-nji ýyldan bäri TSMC kärhanalarynda suwuň sarp edilişi 35% ýokarlandy we geljekde 5-9% artar. Klimatyň üýtgemegi ýagyş suwuna bil baglamaga mümkinçilik bermeýär, şonuň üçin eýýäm häzir ýarym geçirijiler senagaty suwuň sarp edilişi boýunça 7,5 mln ilaty bolan Gonkong bilen deňleşýär.