Awstriýada ilatly ýerleriň köçelerinde rugsat berilýän sagatda 80 km-den, şäheriň daşynda sagatda 90 km-den ýokary tizlik bilen hereket edýän sürüjiler indi awtomobilden mahrum ediler. Soň bu ulag serişdesi auksionda satylar. Tizligiň artdyrylandygy üçin şeýle jezalary göz öňünde tutýan düzgünler ýurtda 1-nji martdan güýje girýär diýip, dw.com belleýär. Umumy Germaniýa awtomobil klubunyň (ADAC) duýduryşy ýaly, örän ýokary tizlik üçin eýýäm kazyýet işine çekilen sürüjiler hatda ilatly ýerlerde sagatda 60 km-den we onuň çäginden daşary sagatda 70 km-den ýokary tizlik bilen hereket etseler-de jezalandyrylar. Eger awtomobil sürüjä degişli bolmasa, onda ol 14 günlük wagtlaýyn elden alnar. Bu kärendesine ýa-da lizinge alnan awtomobillere-de degişlidir. 2021-nji ýylda Awstriýada tizligiň artdyrylandygy üçin jerimeler ep-esli ýokarlandy. Rugsat berilýän çäkden 30 km/s geçýän seresapsyz sürüjiler indi azyndan 150 ýewro tölemeli bolar. Aýratyn kyn ýagdaýlarda we gaýtalaýan düzgün bozujylar üçin jerime 5000 ýewro çenli artdyrylyp bilner diýip, ADAC duýdurýar. Awstriýanyň kanunyna laýyklykda, tirkegsiz agramy 3,5 tonna çenli bolan ýeňil awtomobiller üçin rugsat berilýän tizlik ilatly ýerleriň çäginde sagatda 50 km, onuň çäginden daşary sagatda 100 km, awtobanlarda sagatda 130 km barabar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir