Renault kompaniýasynyň baş müdiri Luka de Meo Ýewropanyň awtoöndürijilerini tagallalary birleşdirip, elýeterli elektromobil öndürmek üçin Airbus-a meňzeş konglomeraty döretmäge çagyrýar. Bu barada “AwtoGrondo” neşiri habar berýär. De Meo-nyň aýtmagyna görä, ýewropaly awtoöndürijilere bu pudakda lidere öwrülen Hytaýdan arzan bahaly elektromobilleriň barha artýan importy bilen bäsleşmek üçin birleşik döretmek gerek. “Hyzmatdaşlar täze awtomobilleriň önümçiligi üçin maýa goýumlary paýlaşyp, çykdajylary azaldyp bilerler” diýip, de Meo belleýär. Ol, mysal üçin, 80-nji ýyllarda Alfa Romeo Fiat, Lancia we Saab tarapyndan ulanylan Type 4 platformasynda ýewropaly awtoöndürijileriň hyzmatdaşlygynyň öňki mysallaryna ünsi çekdi. Renault eýýäm Renault 5-iň esasynda duran AmpR platformasyny bilelikde ulanmak barada Volkswagen bilen gepleşikleri geçirýär. Fransuz korporasiýasy bu platforma esaslanýan Twingo elektromobilini-de 20 000 ýewro baha bilen satyp başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle taslamanyň maksady Hytaýyň awtoöndürijileriniň edişi ýaly akkumulýatorlary, hereketlendirijileri we elektronikany öz içine alýan Ýewropa baha zynjyryny döretmek bolar. “Maksat Ýewropada ähli zady bäsdeşlige ukyply bahadan satyn almakdan ybarat” diýip, de Meo belleýär. Mundan başga-da, ol Ýewropa awtoöndürijileri üçin awtomobilleri çalt döretmegiň uly kynçylyk boljakdygyny aýtdy. Renault-yň özi elektromobillerini işläp taýýarlamak wagtyny Renault 5 üçin dört ýyldan üç ýyla çenli azaltdy we ony Twingo üçin iki ýyla çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Meonyň belleýşi ýaly, “hytaýlylara garşy tizlik möhümdir”.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir