Apple amerikan kompaniýasy Apple ID-niň rebrendigini meýilleşdirýär. Ol hyzmaty Apple Account diýip atlandyrmak isleýär diýip, çeşmelere salgylanyp, MacRumors portaly habar berýär. Portalyň maglumatlaryna görä, Apple Account eýýäm şu ýyl, ähtimal, güýzde boljak iOS 18 we macOS 15 operasion sistemalarynyň relizi bilen peýda bolup biler. Şeýle-de, Apple-iň täze ady görkezjek firma programmalary we hyzmatlary täzelener. Žurnalistler häzirem käbir resminamalarda we saýtlarda Apple Account (“Apple-iň hasap ýazgysy”) sözüniň duş gelýändigine ünsi çekýärler. Şol bir wagtyň özünde, rebrending heniz doly kesgitlenmedik. Sebäbi kompaniýa Vision Pro garniturasynyň içerki synagynda operasion sistemasynyň üç dürli adyny – reality OS, xrOS we visionOS atlaryny ulandy. Ahyrynda bolsa soňky at kabul edildi. Apple ID iOS ulanyjylaryna iCloud bilen App Store-a girmäge mümkinçilik berýän akkauntdyr. Onuň kömegi bilen ulanyjylar programmalary we aýdymlary satyn alyp, ýükläp, gurluşlaryň arasyndaky maglumatlary sinhronlap bilýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir