Alymlar Alsgeýmer keseline we beýleki kognitiw bozulmalara gadymy Gresiýada we Rimde seýrek duş gelnendigini anykladylar. Journal of Alzheimer's Disease-de çap edilen gözleginiň netijesi demensiýanyň "häzirki zaman gurşawynyň keseli" bolup biljekdigini görkezýär. Hünärmenler munuň esasy sebäbiniň hereketsiz durmuş ýörelgesi we hapalanan howanyň täsiri bilen baglydygyny aýdýarlar. Soňky gözlegler demensiýany ýürek-damar näsazlyklary, howanyň hapalanmagy, berhiz saklamak we amatsyz şäher şertleri bilen baglanyşdyrdy. Amerikaly alymlar topary adam saglygy barada b. e. öňki VIII asyr bilen b.e. III asyry aralygynda ýazylan birnäçe klassiki tekstleri derňedi. Geňem bolsa, olarda garry adamlaryň ýadynyň peselmegi bilen bagly näsazlyklara gaty az duş gelindi. Gadymy Gresiýada adamyň ortaça ömri 70 ýaşa golaýdy, ýöne ne Gippokrat, ne-de onuň yzyna eýerijiler, ne-de Aristotel ýat bilen bagly sökellikleri giň ýaýran ýagdaý hökmünde agzamaýarlar. Ýaş bilen baglanyşykly huşsuzlyk hakda ilkinji ýatlamalar b. e. I asyrynda ýüze çykyp ugrapdyr. Gözlegçiler muny Rim şäherleriniň ilatynyň gürlüginiň artmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy hem-de gurşun gap-gaçlaryň we suw turbalarynyň ulanylmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki wagtda demensiýa çynlakaý mesele bolup durýar. Bu kesel ýaşy 85-den geçen adamlaryň üçden birine öz täsirini ýetirýär. Alymlar demensiýanyň ösmeginde daşky gurşawyň täsiriniň ozal pikir edilişinden has möhüm rol oýnap biljekdigini çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir