«Metalenz» startap kompaniýasy we «Samsung» korporasiýasy smartfonlary ýüzüň şekili esasynda açmak üçin täze tehnologiýany döretdiler. Oýlap tapyşyň konsepti «MWC 2024» sergisinde hödürlendi. Bu tehnologiýa Garward laboratoriýasynyň esasynda peýda bolan «Metalenz» başlangyç kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. «Polar ID» biometrik sensory ýüzden şöhlelenýän ýagtylygy alýar we şonuň esasynda identifikasiýa edýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, «Polar ID-i» «iPhone» smartfonlaryndaky «Face ID-iň» alternatiwasy hasaplamak bolar. «Face ID» bilen ulanyjynyň ýüzüne kamera tarapyndan nokatly matrisa düşürilýär. «Polar ID-de» bolsa kamera ýüzden şöhlelenýän ýagtylygy düşürýär – netijede, gaýtalanmajak şekil alynýar. «Metalenz» startap kompaniýasynyň hünärmenleri «Polar ID-iň» «Face ID» we beýleki şuňa meňzeş datçiklerden has arzandygyny, şeýle hem smartfonda az ýer tutýandygyny bellediler. Inženerleriň pikiriçe, polýarlaşdyrylan surata düşmeklige esaslanýan biometrik datçikler 2025-nji ýyldan öň smartfonlarda peýda bolar.