Microsoft kompaniýasy GitHub serwisinde “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny ýerleşdirdi. Ol uly dil modelleri, emeli aň agentleri bilen işlemegiň esasy ýörelgeleri we bularyň ählisini öz taslamaňy işläp taýýarlamakda nähili ulanmalydygy barada gürrüň berýän 18 tekst sapagyny öz içine alýar. Kursuň maksatnamasyny özleşdirmek üçin OpenAI API ýa-da Azure OpenAI Service hyzmatyna elýeterli bolmaly, Python-da ýa-da TypeScript-de esas derejede kod ýazyp bilmeli we GitHub-da hasaba alynmaly. Okuw doly derejede mugtdur. Kompaniýa amaly bölek we tema boýunça has jikme-jik materiallara salgylanmalary jemleýän “Öwrenmegi dowam etdirmek” blogy bilen jemi 18 sapak taýýarlady. Okuw neýroulgamlaryň esasynda öz programmalaryňyzy we serwisleriňizi işläp başlamaga kömek etjek esaslary öz içine alýar. Sapaklaryň sanawy şulardan ybarat: Generatiw emeli aňa (AI) we LLM-e (uly dil bilimi) giriş; Dürli LLM-i öwrenmek we deňeşdirmek; LLM-i jogapkärli ulanmak; Prompt-inžiniringiň esaslary; Öňdebaryjy promptlary döretmek; Teksti emele getirmek üçin programmalary döretmek; Çat-botlary döretmek; Gözleg ulgamlaryny döretmek; Şekil generatorlaryny döretmek; low-code AI programmalaryny döretmek; Funksiýalary çagyryşyň kömegi bilen üçünji tarap programmalaryny birleşdirmek; Emeli aň programmalary üçin UX-dizaýny; Emeli aň programmalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek; Emeli aň programmalarynyň ýaşaýyş sikli; RAG (Retrieval Augmented Generation) we wektor maglumat bazalary; Açyk modeller we Hugging Face; Emeli aň agentleri; Faýn-týuning LLM. Kurs materiallaryny GitHub-da ýa-da saýtda öwrenip bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir