Rolls-Royce kompaniýasy dünýäde iň gymmat awtoulag diýlip atlandyrylýan täze Arcadia Droptail kabrioletini hödürledi. Hypebeast.com -yň habaryna görä, onuň bahasy 30 million dollar. Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Kabrioletiň salony gymmat deri we gülgüne agaç bilen bezeldi. Ony döretmek üçin Rolls-Royce -yň işgärleri sekiz müň sagatdan gowrak wagtyny sarp etdiler. Rolls-Royce Arcadia Droptail -iň korpusy alýumin we aýna bölejiklerini öz içine alýan özboluşly ak emal bilen boýaldy. Bu kuzowyň güne ýalpyldamagyna mümkinçilik berýär. Awtoulagy işläp düzmeklik iki ýyldan gowrak wagt aldy we dolandyryş paneliniň sagadyny ýygnamak bäş aý dowam etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir