Britaniýaly Kris Rassel Tailandyň demirgazygyndan günortasyna 2100 km aralygy ylgap geçip, Run Thailand 2100 KM atly 50 günlük haýyr-sahawat işini tamamlady. Ol 10-njy ýanwarda Çiangraý welaýatyndan ylgap başlady we ony 1-nji martda Ýala welaýatynyň Betong şäherinde tamamlandy diýip, The Thaiger habar berýär. Rassel Tailanddaky ýetimler öýleri we mekdepleri üçin 5000 funt sterling ýygnamak maksady bilen ylgaw gurady. Ol, takmynan, 5,5 müň funt sterling jemlemegi başardy. Toplanan serişdäniň paýlanylyşy barada entek takyk maglumat berilmedi. Facebook-da Rassel Tailandyň tebigat görnüşleriniň gymmatly tejribesini we gözelligini belläp, ýaryşdan alan täsirlerini paýlaşdy. Ylgaw tamamlanandan soň ol Malaýziýa syýahat edip, Bangkoga gaýdyp geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir