Ilon Mask OpenAI kompaniýasyny we onuň ýolbaşçysy Sem Altmany telekeçilik däl hyzmatdaşlygyň şertlerini bozmakda aýyplap kazyýete berdi. Mask OpenAI-nyň umumy bähbitler üçin howpsuz emeli aňy döretmek wezipesinden daşlaşýandygyny we esasanam, Microsoft bilen hyzmatdaşlykda täjirçilik maksatlaryny durmuşa geçirip başlandygyny öňe sürýär diýip, Reuters habar berýär. OpenAI hemmeler üçin elýeterli açyk emeli aňy ösdürmek maksady bilen, 2015-nji ýylda telekeçilik däl gurama hökmünde döredildi. Şärikdeş esaslandyryjylaryň biri bolan Mask 2018-nji ýylda direktorlar geňeşinden çykdy. Söwda bölümini döredensoň we Microsoft bilen 1 milliard dollarlyk hyzmatdaşlygy ýola goýansoň, Mask OpenAI-nyň 2015-nji ýyldaky şertnamanyň düzgünlerini bozandygyny aýtdy. Ol direktorlar geňeşini güýçli emeli aňy (AGI) ösdürmäge ukyply däldigi üçin tankytlaýar we täjirçilik kompaniýasynyň gözegçiliginde emeli aňyň howpsuzlygy barada aladalanýandygyny aýdýar. Mask OpenAI-nyň hereketleri jemgyýetiň howpsuzlygyna we emeli aňyň geljegine howp salýar diýip hasaplaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir