Apple kompaniýasy hususy elektromobilini döretmekden ýüz öwürmek we emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi jemlemek kararyna geldi. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny kommersant.ru ýetirýär. Maglumatlara görä, 27-nji fewralda kompaniýanyň ýolbaşçylygy öz gelen karary barada awtomobili işläp düzmek bilen meşgullanan 2 müň işgäre habar berdi. Bu karary kompaniýanyň baş operasion müdiri Jeff Wilýams we taslama jogap berýän wise-prezident Kewin Linç goldady. Şeýlelikde, taslama gatnaşan işgärler emeli aňy ösdürmek boýunça bölümçä geçiriler. Galan ýüzlerçe awtomobil inženerleriniň we dizaýnerleriniň käbirleri bolsa işden çykarylar, ýöne olaryň takyk sany belli däl. Apple elektromobil döretmek işine 2014-nji ýylda başlady, ýöne bu işde ençeme gezek kynçylyklar ýüze çykdy. Kompaniýa taslamanyň ýolbaşçylygyny we toparyň strategiýasyny birnäçe gezek üýtgetdi. Soňky gezek Apple awtomobiliň çykmagyny 2028-nji ýyla çenli süýşürdi. Onuň bahasy 100 müň dollar töweregi bolup bilerdi. Agentligiň çeşmeleri kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň bu taslamanyň Apple-iň önümlerden alýan girdejisini üpjün etjekdigine şübhelenendigini aýtdylar. Şeýle-de, müdirler geňeşiniň durmuşa geçirilip bilinmejek taslama “ýylda ýüzlerçe million dollar sarp etmegiň” zerurlygyna şübhelenendigi bellenilýär.