Toyota atmosferany hapalaman, tersine, ony arassalaýan täze içerden ýandyrylýan hereketlendirijisini döredip, synagdan geçirip başlady. Gürrüň diňe prototip barada gidýän hem bolsa, tehnologiýanyň özi gyzyklanma döredýär diýip, ixbt.com belleýär. Ýaponiýaly inženerler içerki ýanma wodorod hereketlendirijisine kömürturşy gazyny tutýan we güýç gurluşynyň ýylylygynyň täsiri bilen ony suwuklyga öwürýän süzgüç sistemasyny gurnadylar. Bu güýç gurluşy Toyota GR Corolla-da synagdan geçirildi we ol işe ukyplylygy görkezdi, ýöne netijelilik pesdi: ýaryş ýoly boýunça 20 aýlawda awtomobil bary-ýogy 20 gram töweregi kömürturşy gazyny süzdi. Deňeşdirmek üçin: orta statistikaly ýeňil awtomobil 15 litr ýangyç ýakanda, takmynan, 9 kg kömürturşy gazyny çykarýar. Häzirlikçe, kompaniýanyň bu işläp taýýarlamany seriýaly önümçilige ýetirjekdigi belli däl, ýöne bu bolaýanda-da, ýakyn ýyllarda bolmasa gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir