«AltIndex» konsalting kompaniýasynyň gözlegçileri geçen ýyl «Apple» korporasiýasynyň her sekuntda ortaça 3074 dollar gazanandygyny hasapladylar. Bu dünýädäki bäş öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasynyň arasynda, ýagny GAFAM diýlip atlandyrylýan toparda – «Google», «Apple», «Facebook», «Amazon» we «Microsoft» – iň gowy görkezijidir. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda satuwlar we girdejiler azalandan soň, dünýäniň ýurtlar koronawirus çäklendirmelerini aýyryp başlanda, öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary, esasan, çykdajylaryny ep-esli azalmak bilen ösüş gazanyp başladylar. Netijede, 2023-nji ýylyň ahyrynda iň uly bäş korporasiýanyň umumy girdejisi 1,6 trillion dollar we arassa girdejisi 290 milliard dollar boldy. Umumy girdejiniň üçden bir böleginden gowragy «Apple» korporasiýasyna degişlidir – bu GAFAM toparyndaky iň ýokary görkezijidir. 2023-nji ýylda «Apple» her sekuntda gazanýan girdejisini bu görkeziji boýunça iň ýakyn bäsdeşleri bolan «Microsoft» (2443 dollar) we «Alphabet» (2115 dollar) kompaniýalaryndan ep-esli ýokarlandyrdy. Şeýle hem gözlegçiler 2023-nji ýylda bir amerikan maşgalasynyň ortaça ýyllyk girdejisini – 75000 dollar gazanmak üçin «Apple» korporasiýasyna bary-ýogy 24,4 sekunt wagt gerek bolandygyny bellediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir