«Tecno» kompaniýasy Barselonadaky «MWC 2024» sergisinde «Windows» operasion ulgamy bilen işleýän giňeldilen hakykatly «Pocket Go» ykjam oýun konsolyny tanyşdyrdy. «Pocket Go» ykjamlygy boýunça «Windows» bilen işleýän beýleki oýun konsollaryndan tapawutlanýar: enjamyň agramy ortaça 30% ýeňil we 50% kiçi ölçeglere eýe. Mundan başga-da, «Pocket Go» «Radeon 780M» integrirlenen grafikasy bolan «Ryzen 7 8840HS» prosessorynyň kömegi bilen talap edilýän oýunlary açmaga ukyplydyr. Oýunlary oýnamak üçin «Pocket Go» hersi 0,71 dýuýmlyk iki «Micro-OLED» ekrandan ybarat «Pocket Vision» AR äýnegin ulanýar. Enjam USB-C arkaly konsola birigýär, ýöne beýleki kompýuterler bilen hem işläp biler. Bu äýnekler konsol üçin ekranyň ornuny tutýar, konsolyň özi bolsa adaty oýun enjamydyr. «Pocket Go» 16 GB operatiw ýaa, 1 TB SSD we 50 Wt/sagat sygymly akkumulýatora eýedir. Şeýle hem enjam «Tecno» ekoulgamy bilen işleýän beýleki akylly enjamlara birikmäge mümkinçilik berýän «Tecno Smart Box» ählumumy dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, «Pocket Go» oýun konsoly «Tecno Mega Mini T1» kiçi kompýutere we «Tecno» smartfonlaryna birigip bilýär. «Tecno Pocket Go-nyň» bahasy we çykjak senesi mälim edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir