Samsung Barselonadaky Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde bilezik hökmünde goşaryňa dakyp boljak çeýe smartfonyň konseptini görkezdi. Inçe korpusly smartfon çeýe OLED ekrany we ortasyndan eplenme mehanizmi bilen enjamlaşdyryldy. Ony eliňe kemer-ýüpjagazyň kömegi bilen berkitmek bolýar diýip, habr.com belleýär. Cling Band bilezik hökmünde dakylyp, adaty smartfon hökmünde ulanylyp bilner. Adaty görnüşinde gurluş inçe korpusly we çarçuwasyz displeýli beýleki islendik smartfon ýaly görünýär diýip, WCCTech belleýär. Ol yzky korpusda kamera, USB Type-C we dinamika bilen üpjün edilendir. Şeýle-de, smartfon ony fitnes-treker hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän ýürek ritminiň datçigine eýe boldy. Çeýe smartfondan başga-da, Samsung birnäçe taslamany, şol sanda displeýiň syn ediş burçuny sazlamaga mümkinçilik berýän Flex Magic Pixel tehnologiýasyny hödürledi. Şeýle-de, işläp düzüjiler topary kiçi OLED displeýlerini nauşnikler we awtoulag açarlary ýaly kiçi göwrümli gurluşlara oturtmak boýunça geçirilen tejribeleriň netijelerini görkezdiler. Nauşniklerdäki displeý zarýad derejesini we aýdymy diňlenilýän aýdymçyny, açarlardaky displeý bolsa awtoulagyň gulplydygyny ýa-da ýokdugyny görkezer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir