Kanadanyň kosmos gullugy (CSA) 53 ýyldan soňky adamyň Aýdaky ilkinji missiýasynyň çäklerinde «Artemida-2» kosmos gämisine iberiljek azyk önümlerini mälim etdi. Bu missiýa 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda başlar. CSA kosmos üçin azyk önümlerini saýlanda, diňe bir kosmonawtlaryň tagam isleglerini däl, eýsem, ýaramlylyk möhleti, gurluşy, gaplanylyşy, bişirilişi we sarp edilişiniň aňsatlygy ýaly faktorlary hem göz öňünde tutdy. Adatça, astronawtlar günde üç gezek iýmitlenýärler, şunda olaryň jynsyna, agramyna we aýratyn zerurlyklaryna baglylykda, gündelik sarp edýän kaloriýasynyň mukdary 1900-den 3200-e çenli bolýar. Ähli faktorlar göz öňünde tutulyp, aşakdaky önümler saýlandy: klýon şerbeti we köke, kakadylan losos balygy, tüwi bilen krewetkalardan taýýarlanan karri, ýertudanaly we lawandaly patrak.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir