Barselonada geçirilýän «MWC 2024» sergisiniň dowamynda Hytaýyň «ZTE» kompaniýasy 3D äýnek ulanmazdan 3D şekilleri görkezip bilýän «nubia Pad 3D II» 3D planşetini tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar. Adyndan görnüşi ýaly, «nubia Pad 3D II» planşeti, öňki 2023-nji ýylyň modeliniň kämilleşdirilen görnüşidir. Ýörite äýnek dakynmazdan, 3D kontenti görkezmek üçin planşet diňe bir 2D kontenti üç ölçegli görnüşe öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, ulanyjynyň göz hereketlerine baglylykda, 3D şekili seljermäge we sazlamaga mümkinçilik berýän emeli aň esasly «Neovision 3D Anytime» tehnologiýasyny ulanýar. Şeýle hem ornaşdyrylan kamerany ulanyp, emeli aň arkaly 3D suratlary we wideolary düşürmek mümkindir. Planşetiň işleýşine geçen ýylky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi we 512 GB goşmaça ýat jogapkärdir. 2,5K durulygy bolan 12 dýuýmlyk ekran 144 Hz şekil täzeleniş tizligini goldaýar. 3D şekiliň görüş burçunyň 86 gradusdygy aýdylýar, bu bolsa dürli rakurslardan rahat görnüşi üpjün edýär. «nubia Pad 3D II» planşetiniň akkumulýatorynyň sygymy 10000 mA/sagada deňdir we 66 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda «DTS:X Ultra» 3D effektleri goldaýan dört sany dinamigiň, daşky gohy basmak funksiýasy bolan iki mikrofonyň we 5G goldawynyň bardygy bellenilýär. «nubia Pad 3D II» planşetiniň çykarylajak senesi we bahasy entek yglan edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir