Microsoft Windows 11-de Wi-Fi 7 we USB4 2.0 üçin goldaw synagyny geçirip başlady. Täze aýratynlyklar Windows Insider programmasyna gatnaşyjylar üçin operasion ulgamyň beta-wersiýasynda Canary toplumynda elýeter boldy diýip, GitHub habar berýär. Wi-Fi 7 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Windows 11-iň durnukly wersiýalarynda elýeterli bolar diýlip garaşylýar. Täze standart, Wi-Fi 6 bilen deňeşdirilende, geçirijilik ukybyny we maglumatlary ýükläp almagy iki esse artdyrýar. Iň ýokary ýükläp alyş tizligi 5,75 GB / s bolar. Şeýle hem, Microsoft USB Type-C kabeliniň üsti bilen 80 Gbit / s-a çenli maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän USB4 2.0 goldawyny synagdan geçirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir