“Dünýäde ýylyň awtomobili” (World Car of the Year) baýragynyň emin agzalary esasy we goşmaça kategoriýalarda finala çykan awtomobilleriň sanawyny hödürlediler. Bu bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek hytaý brendiniň elektromobili finala çykdy we bu BYD Seal sedanydyr. Bu barada tarantas.news portaly belleýär. Şeýlelikde, BYD sedany “Dünýäde ýylyň awtomobili” bäsleşiginde ýeňiş üçin Kia EV9 we Volvo EX30 krossowerleri bilen bäsleşer. “Ýylyň premial awtomobili” kategoriýasynda ýeňiji Mercedes-Benz – E Class we EQE SUV, şeýle-de täze BMW 5 Series modellerinden saýlanar. Bawariýa awtokonserniniň “Ýylyň sport awtomobili” nominasiýasynda-da ýeňiş gazanmaga üçden iki mümkinçiligi bar, ýagny bu ýerde M2 kupesi, XM krossoweri, şeýle-de Ioniq 5 N elektromobili finala çykdy. Baş baýraga dalaşgärler bolan Kia EV9 we Volvo EX30 krossowerleri BMW i5 5-Series modeli bilen birlikde “Ýylyň elektrik awtomobili” adyna-da dalaş edýärler. Volvo EX30 “Ýylyň şäher awtomobili” hem bolup biler, bu ýerde ol Lexus LBX we ykjam BYD Dolphin bilen bäsleşýär. “Ýylyň dizaýny” nominasiýasynda Ford Bronco, Ferrari Purosangue we Toyota Prius dalaşgär görkezilýär. Ähli kategoriýalarda ýeňijiler 2024-nji ýylyň 27-nji martynda Nýu-Ýorkdaky awtosalonda yglan ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir