Gazagystanyň ähli ýerinde anna gününe, 1-nji marta geçilen gije resmi taýdan bir umumy wagt UTC+5 kesgitlendi. Ýurduň hökümetiniň kararyna laýyklykda, sagat dilleri Astana, Almaty we Şymkent şäherlerinde, şeýle-de Akmola, Almaty, Žambyl, Karaganda ýaly birnäçe sebitlerde bir sagat yza süýşürildi diýip, dw.com habar berýär. Öň Gazagystanda iki sagat guşaklygy – UTC+5 we UTC+6 hereket edýärdi we respublikanyň köp bölegi, esasan, UTC+6 zolagyndady. Şeýlelikde, bu üýtgetmeden soň Gazagystan Ýewropa bir sagat ýakynlaşdy, ýöne şol bir wagtyň özünde Hytaýdan bir sagat uzaklaşdy, bu ýerde bir umumy wagt 1949-njy ýyldan bäri hereket edýär. Gazagystanyň bir umumy sagat guşaklygyna geçmek başlangyjyny heniz 2020-nji ýylda Almatyda ýerleşýän Wasiliý Fesenkow adyndaky Astrofizika instituty öňe sürdi. Astrofizikler öz teklibini ýurduň köp böleginiň öz tebigy wagtyna görä ýaşamaýandygy bilen delillendirdiler. Hökümet UTC+5-e geçişi “has dogry we amatly wariant” hasaplaýar. Şeýle ýagdaýda Gazagystanyň sebitleriniň aglabasy tebigy wagta ýakyn wagty ulanarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir