Berliniň Milli muzeýinde Parfiýa imperiýasynyň we seljuklaryň mirasynyň ýadygärlikleriniň sergisi geçirilip bilner. Bu mesele Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň muzeýiň ýolbaşçylary bilen geçiren onlaýn gepleşiklerinde maslahatlaşyldy diýip, Orient agentligi Türkmenistanyň Berlindäki diplomatik wekilhanasynyň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Türkmenistan medeni taslamalar babatda Germaniýa bilen baý hyzmatdaşlyk tejribesine eýe. Hususan-da, türkmen ilçihanasynyň we german tarapy bilen bilelikdäki tagallalary netijesinde Gamburgda we Mangeýmde "Margiana - Türkmenistanyň çägindäki bürünç asyryna degişli döwlet" atly sergi üstünlikli geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir