Google Pixel 8 smartfonlary Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” baýragyny aldy. Pixel 8 we Pixel 8 Pro innowasion funksiýalaryň utgaşmasy, ýokary öndürijilik we stile laýyk dizaýny bilen tapawutlandy diýip, Gizmochina ýazýar. Pixel 8 smartfony Pixel 7-niň dizaýnyny gaýtalaýar, ýöne has ykjam ölçege we Google Tensor G3 çibine eýedir. Ol 120 GS täzelenme ýygylygy bilen 6,17 dýuým OLED displeýi, 8 GB operatiw ýat, 50 MP esasy kamera we çalt zarýad beriş bilen 4485 mAs akkumulýator bilen üpjün edildi. Pixel 8 Pro has döwrebap dizaýna we 6,7 dýuým ýokary durulykly LTPO OLED displeýine eýe boldy. Ol 12 GB operatiw ýady, 1 TB çenli içerki ýady (ABŞ üçin) we 5050 mAs akkumulýatory aldy. Ýöne batareýa Pixel 8-e garanyňda simli we simsiz zarýad beriş bilen has haýal zarýad alýar. Smartfonlaryň ikisi-de Tensor G3 çibi, maglumatlary goramak üçin iň täze SoC Titan M2 bilen üpjün edildi we programma üpjünçiliginiň ýediýyllyk täzelenmesini aldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir