Amerikaly aktýorlar Bred Pitt bilen Jorj Kluni “Möjekler” atly täze filmiň üstünde işläp başladylar. Taslamanyň surata düşürilişi Nýu-Ýorkda başlandy, ýöne sýužeti, aktýorlar düzümi we ilkinji görkeziljek senesi bilen bagly jikme-jiklikler gizlin saklanýar. Filmiň režissýory “Polisiýa ulagy” filmi, şeýle hem Möý-adam hakyndaky filmler - “Öýe dolanmak”, “Öýden uzakda” we “Öýe gaýdyp barma ýok” filmleri bilen tanalýan Jon Uottsdyr. Bu Pitt bilen Kluniniň bilelikde ilkinji gezek işleşişleri däl. Mundan ozal olar “Okandan soň ýakylmaly”, “Howply adamyň boýun almasy” we “Ouşeniň on bir ülpedi” ýaly filmlerde baş keşpleri janlandyrypdyrlar. Ondan öň Jorj Kluni Ouşen hakyndaky franşizanyň dowam etdirilmeginiň mümkindigini ýanjaýardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir