«Netflix» kompaniýasynyň «Nikelodeon» teleýaýlymynyň 2005-nji ýylda çykan «Awatar: Aang hakynda rowaýat» atly meşhur multserialynyň esasynda surata düşüren serialyna ilkinji gezek görkezilen gününden bäri 21 milliondan gowrak tomaşa edildi. Bu barada striming platformasy özüniň web sahypasynda habar berdi. «Netflix-de» iň köp tomaşa edilýän iň gowy 10 taslamanyň hepdelik reýtingine görä, seriala 21,2 million tomaşaçy tomaşa etdi. Şeýle hem bu serial striming hyzmatynyň 92 ýurtdaky iň köp görlen taslamalarynyň arasynda birinji orunda durýar. Bu filmiň sýužeti dört elementiň güýjüni özleşdirmeli we dünýäde deňagramlylygy dikeltmeli bolan Aang atly on ýaşly oglanjygyň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir