Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil Roadster elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär. “Şu gün biz täze Tesla Roadster-iň dizaýn maksatlaryny düýpgöter üýtgetdik. Önümçilik taslamasyny taýýarlamak işleri tamamlandy we ol şu ýylyň ahyryna çenli hödürlener, üpjünçiligi bolsa geljek ýylda başlamak meýilleşdirilýär” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy. Roadster 1 sekuntdan az wagtyň içinde tizligini sagatda 96,6 km çenli artdyryp bilýär. Tesla-nyň saýtynda onuň dünýädäki iň tiz awtoulagdygy bellenilýär. Tesla batareýa bilen işleýän dört orunlyk Roadster awtomobilini 2017-nji ýylyň ahyrynda anons edipdi we ol ilkibaşda 2020-nji ýylda çykarylmalydy. Bu sportkaryň öňki nesli kompaniýa tarapyndan öndürilen ilkinji awtomobildi. 2018-nji ýylyň fewral aýynda SpaceX kompaniýasy Maskyň şahsy kolleksiýasyndan Tesla Roadster-i ruluň başynda skafandr geýdirilen Starman manekeni bilen açyk kosmosa iberdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir