Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) saýtynda ýerleşdirilen beýana görä, 1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany ulularyň arasynda iki esse we çagalaryň hem ýetginjekleriň arasynda dört esse artdy. Dünýäde bir milliarddan gowrak adam bu keselden ejir çekýär diýip, gazeta.ru belleýär. Şeýle-de, täze gözlegde 2022-nji ýyla çenli ulularyň 43%-iniň artykmaç agrama eýedigi bellenilýär. Gözleg 2022-nji ýylda az agramyň we semizligiň iň ýokary görkezijisiniň Ýuwaş ummanynyň we Karib basseýniniň ada döwletlerinde, şeýle-de Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynda hasaba alnandygyny görkezdi. BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesusyň beýanynda hem irki çagalyk ýaşda, hem ulularda berhiziň, fiziki işjeňligiň we degişli idegiň üsti bilen semizligiň öňüni almagyň hem bejermegiň zerurdygy bellenilýär. Semizlik bilen göreşmek boýunça global maksatlara ýetmek üçin hökümetleriň, jemgyýetleriň bilelikdäki işi, şeýle-de BSGG-niň we milli saglygy goraýyş edaralarynyň ylmy esasly syýasatlarynyň goldawy gerekdir. Şeýle-de, öz önüminiň jemgyýetiň saglygyna ýetirýän täsirine jogapkär bolan hususy pudagyň gatnaşmagynyň hem möhümdigi bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir