Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Lionel Messi taryhda Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnan ikinji adam boldy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony Kriştianu Ronaldunyň üstünligini gaýtalady diýip, gazeta.ru habar berýär. Häzirki wagtda Ronaldu bu sosial ulgamda iň meşhur şahs bolmagynda galýar: onuň abunaçylarynyň sany 623 mln adama ýetýär. Onuň we Messiniň yzyndan aýdymçy Selena Gomes (430 mln – üçünji orun), model Kaýli Jenner (400 mln – dördünji orun) we aktýor Dueýn Jonson (397 mln – bäşinji orun) gelýär. Eger diňe türgenler barada aýtsak, onda Ronaldudan we Messiden soň birinji bolup hindistanly kriket oýunçysy Wirat Kohli gelýär. Onuň abunaçylarynyň sany 251 mln adam (umumy sanawda 16-njy orun). Diňe futbolçylaryň arasynda Ronaldudan we Messiden soň braziliýaly hüjümçi Neýmar has meşhurdyr. Ol 219 mln abunaçy bilen umumy sanawda 20-nji orny eýeleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir