Politico gazetiniň habaryna görä, Ýewropadaky 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro tölemegini talap edip, arza berdi. Arza berijiler korporasiýany sanly mahabat bazarynda esasy orny eýeleýändiginden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar diýip, Politico gazeti ýazýar. Olaryň sözlerine görä, Google-yň syýasaty sebäpli mahabatdan az girdejisi alypdyrlar we mahabat hyzmatlary üçin artykmaç pul töläpdirler. Arza Niderlandlaryň kazyýetine tabşyryldy. Arza berijileriň içinde Ýewropanyň 17 ýurdundan Axel Springer, Schibsted, DPG Media ýaly we beýleki metbugat kompaniýalary bar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Komissiýasy Google-y mahabat işinde monopoliýa garşy kanunlary ýerine ýetirmezlikde aýyplady. ÝB soňky ýyllarda ÝB-niň sanly bazardaky bäsdeşlik baradaky düzgünlerini bozandygy üçin Google-a, Microsoft-a we Amazona eýýäm jerime salypdy.