«Samsung Electronics» «SD Express» interfeýsi bilen enjamlaşdyrylan mikroSD ýat kartyny yglan etdi. Ol rekord derejede 800 MB/s çenli maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde şeýle görnüşdäki ilkinji önümdir. «SATA» interfeýsi bolan adaty SSD diskleriniň tizliginiň 600 MB/s-den geçmeýändigi we adaty «UHS-1» derejeli ýat kartlarynyň tizliginiň bolsa 200 MB/s bilen çäklendirilendigi bellenilýär. Mundan başga-da, täze «Samsung» kartlarynda gyzmakdan goraýan ýörite «Dynamic Thermal Guard» (DTG) tehnologiýasy bardyr. Häzirlikçe täze önüm diňe 256 GB görnüşinde elýeterlidir. Şeýle-de bolsa, täze kartlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin «SD Express» interfeýsi bilen utgaşykly enjamlar zerurdyr, olar bolsa häzirki wagtda bazarda az. Mundan başga-da, «Samsung» soňky sekizinji nesil «V-NAND» fleş ýady esasynda 1 TB «mikroSD» (UHS-1) ýat kartyny köpçülikleýin öndürip başlandygyny habar berdi. Bu ýat kartlary üçünji çärýekde satuwa çykar, «SD Express» interfeýsli kartlarynyň bolsa 2024-nji ýylyň dowamynda çykmagyna garaşylýar. Has takyk seneleri aýan edilmedi.