Hytaýyň Meizu kompaniýasy 29-njy fewralda Meizu 21 Pro flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşynyň geçiriljekdigini anons etdi. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Meizu 21 Pro smartfonynyň üstündäki işler heniz kompaniýa iş ugruny smartfonlardan emeli aňa gönükdirjekdigi barada yglan etmezden öň başlandy. Fewral aýynyň ortalarynda bolsa Meizu emeli aň pudagyny özleşdirmek üçin smartfon bazaryndan gidýändigini habar berdi. Üýtgedip gurmagyň çäklerinde kompaniýa şu ýyl täze operasion sistemany hem-de onuň bilen işleýän täze önümleri hödürlär. Şonuň üçin Meizu 21 Pro kompaniýanyň iň soňky smartfony bolup biler. Gürrüňlere görä, Meizu 21 Pro Snapdragon 8 Gen 3 çibine, 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekranyna we 80 Wt kuwwatly çalt zarýad beriş goldawy bilen 4800 mAs sygymly akkumulýatora eýe bolar. Smartfon 50, 12 we 8 Mp üç kamera, şeýle-de 40 Mp selfi kamera eýe bolup biler. 2022-nji ýylda Hytaýyň Geely awtoulag ägirdi Meizu kompaniýasyny satyn aldy. 2023-nji ýylyň ýazynda Meizu 20 smartfon hatary, noýabr aýynda bolsa esasy Meizu 21 modeli hödürlendi. Öndürijiniň hataryň iň uly modelini näme üçin bada-bat görkezmändigi belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir