Meşhur amerikaly aktrisa Skarlett Ýohansson ilkinji gezek özüni doly metražly filmiň režissýory hökmünde görkezip, “Eleonora Beýik” filmini surata düşürer. Ol bu film üçin eýýäm artistleri hem jemledi diýip, esquire.kz habar berýär. Filmiň baş gahrymany iň gowy jorasynyň ölüminden soň özüni ele almaga synanyşýan 90 ýaşly Eleonora Morgenşteýndir. Ol ençeme ýyllap Floridada ýaşaýar, ýöne öňki tanyş ýerlere aýlanmak we geçen wakalary ýatlamak üçin dogduk mekany Nýu-Ýorka dolanmak kararyna gelýär. Ýöne bu gezelenç tiz wagtdan garaşylmadyk waka öwrülýär. Filmde baş keşbi “Oskar” baýragyna dalaşgär Jun Skuibb ýerine ýetirer. Şeýle-de, onuň bilen bilelikde Çiwetel Ejiofor, Jessika Heht we Erin Kelliman surata düşer. Ýohansson doly metražly ilkinji filmi üçin Tori Kemeniň ssenariýasyny saýlady. Şeýle-de, aktrisa taslamanyň egindeş prodýuseri hökmünde çykyş eder. Ýohanssonyň ilkinji režissýorlyk işi 2009-njy ýylda surata düşürilen Kewin Beýkonyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde “Bu Vagabond köwüşleri” atly gysga metražly film boldy. Şondan soň ol Trumen Kapoteniň romany esasynda “Tomusky kruiz” dramasyny ýola goýmagy meýilleşdiripdi, ýöne taslama häzire çenli amala aşyrylmady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir