«Honor» kompaniýasy «MWC 2024» sergisinde «Magic6 Pro» flagman smartfonynyň halkara nusgasyny tanyşdyrdy. «Honor Magic6 Pro» 2800x1280 piksel durulykly, 120 Hz täzeleniş tizligi we 5000 nit ýagtylygy bolan 6,8 dýuýmlyk OLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda bu smartfon üçin rekord görkezijidir. Enjamyň işleýşine «Snapdragon 8 Gen 3» çipi jogapkärdir. Smartfon üç kamera bilen üpjün edilendir: f/1,4-2,0 üýtgeýän diafragmaly we optiki stabilizasiýaly (OIS) 50 megapiksellik esasy kamera, 50 megapiksellik durulykly ultra giň burçly kamera, şeýle hem 2,5 esse optiki ýakynlaşdyrma we OIS mümkinçilikli 180 megapiksellik periskop obýektiwi. Öň tarapynda bolsa 50 MP durulykly we 3D-ToF çuňluk datçigi bolan selfi kamerasy ýerleşdirildi. Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda IP68 standartyna laýyklykda tozandan we suwdan gorag, hususy «MagicOS 8.0» gabygy bilen öňünden gurlan “Android 14” operasion ulgamy bellenilýär. «Honor Magic6 Pro-nyň» 12 GB operatiw ýatly we 512 GB goşmaça ýatly nugasy Ýewropada 1,3 müň ýewrodan satylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir