Wengriýanyň parlamenti häzire çenli Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy bolan Tamaş Şuýoky ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady. Ol döwlet Baştutany wezipesinde işinden çekilen Katalin Nowagyň ornuny çalşar. Bu barada TASS habar berýär. Täze prezidentiň saýlanmagy parlamentiň saýtynda açylyşy ýaýlyma berlen ýazky sessiýanyň birinji gününde geçirildi. 67 ýaşly Şuýogyň kandidaturasy “FIDES – Wengriýanyň raýat birleşigi” dolandyryjy partiýalarynyň we olaryň kiçi hyzmatdaşlarynyň – parlamentdäki 199 orundan 135 orny eýeleýän hristian demokratlarynyň koalisiýasy tarapyndan hödürlendi. Ses berişlikde hökümet tarapynda duran deputatlar Şuýogy goldap çykyş etdiler, bu hem onuň eýýäm birinji tapgyrda ýeňşini üpjün etdi. Şeýlelikde, 134 deputat Şuýogy goldady, 5-isi garşy çykdy, galanlary gatnaşmady. Esasy kanuna laýyklykda, Şuýok sekiz günüň içinde kasam kabul edip, wezipesine girişmeli. Şoňa çenli ýurduň prezidentiniň wezipelerini parlamentiň spikeri Laslo Kýower ýerine ýetirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir