Passport Index global reýtingine görä, şu ýyl iň güýçli pasport adyny BAE-niň pasporty aldy. Ol erkin hereket görkezijisi boýunça 179 bal gazandy. Bu barada Finprom.kz habar berýär. Erkin hereket görkezijisi wizasyz baryp boljak, şeýle-de geleniňde wiza, eTA we elektron wiza (üç günüň içinde bermek bilen) alyp boljak ýurtlaryň sany boýunça kesgitlenýär. Reýtinge BMG-niň agzalary bolan 193 ýurt, şeýle-de Watikan we öz pasportlary bolan sebitler (Taýwan, Makao, Gonkong, Kosowo we Palestina) gatnaşýar. Umuman alanyňda, sanawda 199 pasport bar. 2024-nji ýylda pasport güýji boýunça ikinji orny 177 erkin hereket görkezijisi bilen birbada bäş ýurt – Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar we Ispaniýa eýeleýär. Üçünji orunda hem 176 görkezijisi bilen bäş ýurt – Şwesiýa, Finlýandiýa, Lýuksemburg, Awstriýa we Şweýsariýa ýerleşdi. Pasport güýji boýunça soňky orunlary Siriýa (93-nji orun), Owganystan (92-nji orun) we Yrak (91-nji orun) eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir