2023-nji ýylda iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtinginde henizem Toyota öňdebaryjy bolmagyny dowam edýär. Ol yzygider 14-nji ýyl birinji orny eýeleýär diýip, ixbt.com habar berýär. Reýtingde BYD 9-njy orna çykdy. Focus2move agentliginiň täze hasabaty dünýäniň 159 bazarynda täze ýeňil awtomobilleriň hasaba alnyşy baradaky maglumatlary göz öňünde tutýar. Toyota 9,07 mln awtomobil satdy, bu taryhdaky rekorddan 1,5 mln-dan gowrak azdyr, ýöne geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,1% köpdür. Ikinji orny eýeleýän Volkswagen 5,1 mln awtomobil satyp (+7,0%), dünýä bazarynyň 6%-ini eýeledi. Üçünji orunda 3,9 mln satylan birlik bilen (+3,7%) Honda ýerleşýär. Dördünji orny 3,8 mln satylan awtomobil bilen Hyundai eýeledi (+5,5%), onuň yzyndan 3,7 mln bilen (+4,4%) Ford, 3,3 mln bilen (+8,5%) Nissan, 3,29 mln bilen Chevrolet, 3,0 mln satylan birlik bilen (2,2%) Kia gelýär. BYD 2,6 mln awtoulag satyp (+48,8%) iki orun ýokary galdy. 2019-njy ýylda bu awtoulag öndürijisi 49-njy orny eýeleýärdi. Onlugy 2,2 mln awtoulag bilen (+0,6%) Mercedes jemledi, BMW bolsa 2,2 mln bilen 11-nji orny eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir