2021-nji ýylda Google-yň öňki inženerleri tarapyndan döredilen Figure AI başlangyjy gumanoid robotlaryny hakyky iş şertlerinde synagdan geçirip başlaýar diýip, Hi-Tech habar berýär. Işläp düzüjiler tarapyndan ýerleşdirilen wideoda Figure 01 robotlarynyň zawodda wezipelerini nähili ýerine ýetirýändigi görkezilýär. Robotlar bir işi ýerine ýetirmegiň iň amatly usulyny “kesgitlemäge” mümkinçilik berýän simulýasiýa arkaly taýýarlanýar. Garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykan halatynda operator hakyky wagtda düzediş girizip biler. Figure 01-iň gollarynda, aýaklarynda we penjelerinde zawodda işlemek üçin ýeterlik güýç we duýgurlyk bar. New Atlas neşiriniň belleýşi ýaly, robotlaryň irki nesli haýal hereket edýär, ýöne Figure 01-iň enjam mümkinçilikleri adam üçin gaty howply, ýadadyjy ýa-da çylşyrymly bolan işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Figure AI-iň başlangyjy Jeff Bezos kimin maýadarlardan 675 million dollar toplady. Microsoft, Nvidia, OpenAI, Intel, Samsung we beýlekiler hem robotlary ösdürmäge maýa goýdy. Kompaniýanyň maksady - görüş, lokomosiýa, manipulýasiýa we aragatnaşyk endiklerini, şeýle hem daşky gurşawdan öwrenmek we adamlar bilen aragatnaşyk saklamak ukybyny ýokarlandyran robotlary döretmekden ybarat.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir